Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýoly bilen

19 Fewral 2021
1818

Uly üstünliklere beslenen 2020-nji «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyzyň taryhynda ýatda galyjy ýyllaryň biri boldy. Şanly ýylda baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy dabaraly bellenilip, Diýarymyz ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslendi. Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş Assambleýasynda umumadamzat bähbitli teklipleri bilen yzygiderli çykyş edýär. Ine, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy kabul edildi. Şonuň bilen baglylykda gadam basan 2021-nji ýylymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň tutuş dünýäde parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmagyň ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň ykrarnamasydyr. 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýy bellenilýär. Bu ýylyň hem geçen ýyllar ýaly Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň sene ýazgysynyň üstüni doldurýan birnäçe täsirli, buýsançly wakalara baý boljakdygy şübhesizdir.

Eziz Diýarymyzda milli Liderimiziň tagallasy netijesinde amala aşyrylýan tutumly işler mundan beýläk hem dünýä ýüzünde daşary döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara gatnaşyklary deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda alnyp barlar.

«Saglyk».
Beýleki habarlar