Bitaraplyk — parahatçylygy döretmek sungaty

23 Fewral 2021
1544

2. Töwellaçylyk däbi — öňüni alyş diplomatiýasynyň türkmen nusgasy

BMG-niň Tertipnamasynyň 2-nji maddasynda Milletler Bileleşiginiň ähli agzalarynyň jedelleri halkara parahatçylyga, howpsuzlyga we adalata wehim salmaýan ýollar arkaly çözmelidigi kesgitlenilýär. Türkmen Bitaraplygynyň taryhy köklerine ser salanyňda, jedelli meseleleriň, urşuň we dawanyň öňüni almak üçin töwellaçylyk dessurynyň giňden ulanylandygyna göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň «Bitarap Türkmenistan» kitabynda beýan edişi ýaly: «Türkmen halky hemişe-de islendik jedelli meseläni çözmegiň, ilki bilen, parahatçylykly ýoluny öňe sürüpdir».

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar