Ilatyň eşretli ýaşaýşynyň bähbidine

28 Awgust 2024
126

Ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösüşleriniň ahyrky maksady halkymyzyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyny gazanmakdyr. Senagat, azyk pudaklarynyň ileri tutulyp ösdürilmegi ilatyň zerur harytlar bilen üpjün edilişini düýpli gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigine welaýatymyz boýunça bölek satuw haryt dolanyşygynyň barha artýan möçberleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Şu ýylyň geçen ýanwar — iýul aýlarynda welaýatymyzda bölek satuw haryt dolanyşygy 9 milliard 268,2 million manada barabar boldy. Şonuň netijesinde geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 11,3 göterim artyş depgini gazanyldy. Söwdanyň döwlete degişli böleginde haryt dolanyşygy durnukly artýar. Hasabat döwründe welaýatymyzyň bölek satuw haryt dolanyşygynyň umumy möçberinde onuň tutýan paýy 9,9 göterime barabar boldy. Şol bir wagtyň özünde döwlete dahylsyz bölegiň paýy 90 göterimden hem köpdür. Özi-de bu bölekde üstümizdäki ýylyň tamamlanan ýedi aýynda geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä, 11,8 göterim ösüş depgini gazanyldy. Bu görkeziji döwlete dahylly bölekde bolsa 7 göterime barabar boldy.

Beýleki habarlar