Saglyk — baş baýlyk

6 Awgust 2024
120

Tomus möwsüminiň sapaly günlerinde yssy howa durumynda özüňi alyp barmagyň kadalaryny berjaý etmek sagdyn bolmak üçin ähmiýetlidir. Çünki howanyň gyzgyn günlerinde käbir adamlar özüni gowuşgynsyz duýýar. Kähalatlarda adamlar säher bilen turup, işe, okuwa, umuman, bir ýere gitmek üçin dessine ýola düşýärler. Bu bolsa, esasan-da, yssy howada jemgyýetçilik ulaglarynda gatnaýan adamlary ysgynsyzlyga, suwsamaklyga eltip bilýär. Şonuň üçin ýola rowana bolmazdan ozal, ýeňil ertirlik edinmelidir. Gyzgyn howa deriň üsti bilen suwuklygyň bedenden köp mukdarda bölünip çykmagyna sebäp bolýar. Howanyň aşa gyzan günlerinde, bedeniň kadaly ýagdaýda saklanmagy üçin 1,5-2 litr suw içmek kada hasaplanýar. Suwsuzlykdan kösenmez ýaly, ýanyň bilen suw göterinmek maslahat berilýär. Ýaşlar, çagalar köplenç şireli, süýji tagamly, gazlandyrylan içgileri içmegi halaýarlar. Yssy howada olara derek, gaýnadylyp sowadylan agyz suwuny ýa-da miwelerden gaýnadylan şerbetleri içmek has ýaramlydyr. Daşardan gyzyp gelip, sowuk suw içmekden, sowadyjynyň öňünde durmakdan saklanmalydyr.

Tomus paslynda iýmitiň ýeňil özleşdirilýän görnüşlerine hem-de ýokumly bolmagyna üns bermeli. Witamine baý önümler bilen iýmitlenmek adam bedeniniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar, beden agzalarynyň ýerine ýetirýän wezipeleriniň sazlaşykly amala aşmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Günüň dowamynda dürli witaminlere baý ter gök önümlerinden işdäaçarlary taýýarlamak, miweleri iýmek, miwelerden gaýnadylan şireleri içmek, kişdedir kişmiş, süýt we süýt önümlerini iýmit sanawyna goşmak zerurdyr.

Eziz KAKALYÝEW,
Ahal welaýat ýörite inçekesel hassahanasynyň baş lukmany.
Beýleki habarlar