Halkymyzyň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy

24 Iýul 2024
222

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bagtyýarlygyň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň saglygyny gorap saklamak boýunça toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Güneşli Diýarymyzda ynsan saglygyny goramak, adamyň ömür dowamlylygyny artdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýar.

Sporty ösdürmekde, ony durmuşa giňden ornaşdyrmakda amala aşyrylýan işleriň netijesinde sagdyn nesliň kemala gelip, olaryň sport äleminde öz orunlaryny tapýandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle bolansoň, köpçülikleýin sporty ösdürmek, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde wajyp orny eýeleýän sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmek, sagdyn, edep-terbiýeli nesli kemala getirmek maşgalanyň hem jemgyýetiň baş maksady bolup durýar. Döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam we onuň abadan durmuşy baradaky alada ata Watanymyzda bu ugurda alnyp barylýan syýasatda bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar.

Serdar PIRKULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar