Tomus pasly we onuň saglyga täsiri

23 Iýul 2024
180

Tomus paslynda ildeşlerimiziň köp sanlysy zähmet rugsadyna çykyp, şypahanalara dynç almaga, saglyklaryny berkitmäge gidýärler. Howanyň has gyzan wagtynda zerurlyk ýüze çykmasa, öýden çykmak ýa-da gezelenç etmek maslahat berilmeýär. Ylaýta-da, bu gartaşan adamlara we kiçi ýaşly çagalara degişlidir. Öýden çykylanda, saýawan, ak ýaglyklar, baş gaplar bilen ýiti Gün şöhlesinden goranmaly. Gezelenje howanyň salkyn mahalynda irden sagat 06:00-dan 09:00-a çenli, günüň ikinji ýarymynda bolsa 18:00 – 21:00 aralykda çykmak maslahat berilýär. Ýiti Gün şöhlesiniň aşagynda ýa-da açyk meýdanda işleýän raýatlar ýanlarynda hökman arassa agyz suwuny götermeli we ondan wagtal-wagtal içip durmaly, işiň arasynda kölegede dynç almaly. Şeýle hem möwsüme görä geýinmeli we içilýän suwuň mukdaryny bedeniň talabyna görä, teşneligiň ganýança kabul etmeli.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gidýän raýatlar suwa düşmegiň kadalaryny dogry berjaý etmelidirler. Hazar deňziniň kenarynda çägesöw ýerde ýöräp, tolkunlaryň sesini diňläp gezelenç etmegiň nerw ulgamyny rahatlandyryjy, ýakymly täsiri bar. Deňziň ýodly howasyndan dem almak kesele garşy durnuklylygyňy ýokarlandyrýar, ýod ýetmezçiligi zerarly ýüze çykýan keselleriň, osteoparozyň öňüni almaga oňaýly täsir edýär. Deňze suwa düşmegiň hem öz kadasy bar. Bir sagat ýaly suwa düşeniňden soň kenara çykyp, kölegede 15 – 20 minut dynç almaly we üstüňden arassa suw akdyryp, endamyňy duzly suwdan arassalamaly.

Aýsona ALLABERENOWA,
Aşgabat şäheriniň 7-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar