Saglygy goraýyş ulgamy: döwrebap ösüşler, buýsandyryjy sepgitler

20 Iýul 2024
188

Häzirki döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, dünýäniň lukmançylyk merkezleri bilen ykjam hyzmatdaşlyk ýola goýlup, bu ulgamda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Täze saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalardyr şypahanalar, bejeriş-dynç alyş öýleri gurulýar, dünýä lukmançylygynda gazanylýan tejribeler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda döwrebap saglygy goraýyş ulgamy döredildi. Häzir bu ulgamda düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň örän möhüm ugry hökmünde saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmäge, mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Keselleriň öňüni almak, olary öz wagtynda ýüze çykarmak we bejermek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilaty zerur bolan derman we beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün etmek, elýeterli, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmak, şeýle hem saglygy goraýyş edaralary üçin öz kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak arkaly, raýatlaryň sagdyn bolmagyny gazanmak we olaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak saglygy goraýyş ulgamynyň esasy maksady bolup durýar.

Gurbannazar ATAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Aşgabat şäher halk maslahatynyň başlygy.
Beýleki habarlar