“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

17 Iýul 2024
140

Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde 5-nji iýulda badalga alan “Ýüpek ýoly” halkara ralli ýaryşynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarays geçirildi. Bu dabarada Türkmenistanyň türgenleri hem ýeňijileriň arasynda orun aldy. T2 kategoriýasynda bäsleşen doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler 2-nji orny, Maksatmyrat Daňatarow we Didar Orazmedow bolsa 3-nji orny eýeledi.

Şeýlelikde, halkara ralli ýaryşynyň 14-njisi tamamlandy. 11 gün dowam eden bäsleşik 5 müň kilometrden gowrak menzil aşylyp, Mongoliýada tamamlandy. Ralli ýaryşy dürli kategoriýalarda geçirilip, ähli kategoriýalar hem soňuna çenli çekeleşikli geçdi.

Beýleki habarlar