Gün şöhlesinden goranyň!

10 Iýul 2024
232

Gün — şöhlelenmeleriň güýçli çeşmesi bolup, ultramelewşe şöhlesi olaryň içinde wajyp ähmiýete eýedir. Olar adam bedeni, esasan, çagalar üçin has-da zerurdyr. Sebäbi bu şöhle adam bedeniniň ösmegi we kämilleşmegi üçin gerek bolan witaminleriň emele gelmegine gatnaşýar. Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanylanda ultramelewşe şöhlesiniň täsiri bilen adamyň teni D witamini işläp çykarýar. Ol bolsa, diňe bir süňkleri berkitmän, eýsem, sussupeslikden goraýan oňat serişdedir. Bu witaminiň ýeterlik derejesi beden süňklerini osteoparozdan, sklerozdan, ýagny beden dokumalarynyň keselläp gatamagyndan we iglilikden goraýar. Onuň ýetmezçiligi bolsa parodontoza, birnäçe howply täze döreme kesellerine, beden etleriniň we bogunlarynyň agyrysyna we süýji keseline alyp barýar. Şol sebäpli D witamini almak üçin Günüň astynda bellenilen şertlerde gezelenç etmek maslahat berilýär. Gün şöhlesiniň ýene-de bir gowy taraplarynyň biri, onuň birnäçe kesel dörediji mikroorganizmleri ýok edýänligidir. Mundan başga-da, güýçli bolmadyk Gün şöhlesi adam ruhuna oňaýly täsirini ýetirip, özüňi oňat duýmagyňa ýardam berýär. Şonuň üçin örän yssy bolmadyk güneşli günlerde gezelenç etmek maslahat berilýär.

Her bir adam çagalykdan Gün şöhlesini dürli derejede duýup başlaýar. Ilki mylaýym ýylylyk, soňra derisiniň gyzarmagy, Gün şöhlesiniň uzak wagtlap endamyna täsir etmegi deriniň ýanmagyna getirýär. Şoňa görä, Gün şöhlesi biziň birnäçämize ýakymly täsir etse, käbirimiziň saglygymyza zyýan ýetirip hem biler. Muňa Gün urma hadysasy aýdyň mysaldyr.

Gunça SEÝIDOWA,
Aşgabat şäherindäki 14-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar