Tomusda kadaly iýmitlenmek

9 Iýul 2024
261

Howanyň gyzgynlyk derejesi ýokarlanyp, ýiti Gün şöhleleriniň saglyga zyýan berip bilýän döwri bolan tomus paslynda dogry iýmitlenmek meselesi esasy şertleriň biri bolup durýar. Yssy günlerde gök hem bakja ekin önümleriniň, miweleriň dürli görnüşini iýmek arkaly bedenimiz gerekli witaminler bilen üpjün edilýär. Antioksidantlara, witaminlere, minerallara we suwa baý bolan şeýle önümleri terligine iýmek-de, olardan işdäaçarlardyr şerbetleri taýýarlap kabul etmek hem bolýar.

Tomsuna suwy köp içmeli. Sebäbi bu möwsümde beden üçin iň zerur serişde suw bolup durýar we her gün, azyndan, 3 litr suw içmek maslahat berilýär. Yssy howada bedeniň derleme ýagdaýynyň işjeňleşýändigi sebäpli, has köp nem bölünip çykýar. Şeýlelikde, derlemegiň hasabyna ýüze çykýan suw ýetmezçiliginiň öwezi doldurylmadyk halatynda, bedende deriniň guramagy, dodagyň kepemegi, kellagyry, baş aýlanma ýaly alamatlar ýüze çykýar. Şularyň öňüni almak üçin hem köp suw içmeli. Suwsuzlygyňyzy gandyrmak we bedeni jöwzadan goramak üçin düzüminiň 80-90 göterimi suwdan ybarat bolan garpyzdyr hyýar, teşneligi gandyryp, bedeni toksinlerden arassalaýan pomidordyr malina, suwsuzlygyň öňüni alýan kiwidir bolgar burçy, iýmit siňdiriş ulgamynyň işini gowulandyrýan gawun ýaly önümler örän peýdalydyr. Limonly şerbet, garpyz şiresi, dürli miwelerden kompotlar, çal we gök çaý hem suwsuzlygy örän gowy gandyrýan, saglyk üçin peýdaly içgilerdir. Munuň tersine, tomsuna suwsuzlygy kofedir gazlandyrylan suwlar bilen gandyrmak maslahat berilmeýär.

Ýazjemal KULYÝEWA,
Sarahs etrap hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar