Saglyk — baş baýlyk

7 Iýul 2024
389

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak boýunça guwandyryjy işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan, şeýle-de beýleki Milli maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri iş ýüzünde amala aşyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Munuň özi bolsa, milli lukmançylygyň täze belentliklere çykmagyna, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatynyň hiliniň ýokarlanmagyna hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetimize berk ornaşmagyna şert döredýär.

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ösdürilýär. Şunda lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegi ynsan saglygyny goramaga we sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşymyza ornaşdyrmaga ýardam edýär. Bu ugurda asylly işleriň alnyp barylýandygyny belläsimiz gelýär. Çünki ýaşlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde, maslahatlarda sagdyn durmuş ýörelgeleri wagyz edilýär. Sport bilen meşgullanmak ynsan saglygyna oňat täsir edýär. Şeýle hem arassa howada gezelenç etmek, pyýada ýöremek sagdyn durmuşyň kadalaryna degişli bolup, beden üçin has-da ýaramlydyr. Çünki dowamly pyýada ýöremek bedenterbiýäniň bir görnüşi hökmünde kabul edilýär. Şonuň üçin hem saglygy goramakda we keselleriň öňüni almakda pyýada ýöremegiň hem peýdasy uludyr.

Güljahan BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar