Seresaplylygy elden bermäň!

25 Iýun 2024
300

Tomus paslynyň jöwzaly yssy howasy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Bu döwürde biz, lukmanlar raýatlara birnäçe saglygy goraýyş düzgünlerini berjaý etmegi ýatladýarys. Şolaryň arasynda tomusda suwa düşmegiň howpsuzlyk kadalary aýratyn orun eýeleýär. Sebäbi tomus paslynyň gelmegi bilen, adamlarda suwa ýakyn bolmak, suwa düşüp salkynlamak islegi has-da artýar. Aýratyn hem çagalar tomsuň hezilligini dynç alyş we suwa düşmek möwsüminiň başlanýandygy bilen baglanyşdyrýarlar. Şeýle bolansoň, suwa düşmek, köplenç, tomus hezilliginiň pursatlary hökmünde kabul edilýär. Emma suwa düşmegiň diňe bir keýpli däl, eýsem howply taraplarynyň hem bardygyny unutmak bolmaz.

Suwda ýüzmek beden üçin iň ýakymly we peýdaly çäredigine garamazdan, suwa girilende ägä bolmak hemmeler üçin ilkinji zerurlykdyr. Suwda oýnalanda, ýüzülende gödek hereketlere ýol bermek, ýanyňdakylaryň arasynda öwünip, öň etmedik hereketleriňi edip görkezjek bolmak örän howply ýagdaýlardyr. Suwa düşmek diňe paýhasly çemeleşilen ýagdaýynda peýdalydyr.

Myratberdi ANNAORAZOW,
Ahal welaýat köpugurly hassahanasynyň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar