Berkarar döwletiň belent sepgitleri

4 Aprel 2024
300

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň abadançylygyny we gülläp ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge  gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Her bir ulgamda durmuşa geçirilýän işler Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän asuda we parahat döwlet hökmünde dünýädäki belent abraýyny has-da artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň 29-njy martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, ýangyç-energetika ulgamynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbini özgertmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleri, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy. Şeýle hem şu ýylyň 15 — 19-njy apreli aralygynda BMG-niň Durnukly ösüş hepdeligine, şeýle hem BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Ösüşi maliýeleşdirmek üçin indiki ädimler boýunça forumynyň işine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýetini Nýu-Ýork şäherine iş saparyna ugratmak, forumyň dowamynda «Durnukly ösüş maksatlarynyň maliýeleşdirilmegi boýunça ministrleriň dialogy» atly ugurdaş çäräni guramak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 356 raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekmegi ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň dowam etdirilýändiginiň  nyşanydyr.

«Adalat».
Beýleki habarlar