«Daýhan — mert, ýer — jomart»

2 Aprel 2024
423

Mälim bolşy ýaly, 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly pudagyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly, birnäçe düzümler, şol sanda «Türkmenpagta» döwlet konserni hem döredildi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmek, daýhanlaryň yhlasly zähmet çekmekleri üçin, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrdy. Bu bolsa daýhanlaryň zähmete höwesini has-da artdyrdy.

Bäherden etrabynyň Ýarajy obasyndan kärendeçi, indi köp ýyldan bäri şol obanyň ýer bilen iş salyşýan daýhanlaryna ýolbaşçylyk edip gelýän Nurberdi Rejebow bilen gürrüňdeş bolanymyzda, bu hakykata ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik.

Baýnazar BAÝHANOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar