Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de mynasyp terbiýeläp ýetişdiren eneleriniň uly toparyna Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly ady dakyldy. Olaryň arasynda biziň welaýatymyzyň wekilleri hem bar:
«Mary deri-aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hojalyk bölüminiň tam süpürijisi Swetlana Wladimirowna Hruşşýowa;