Energetika pudagy — ykdysadyýetimiziň binýady

6 Mart 2024
275

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere ýetilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dowam etdirilýän döwletli işleriň netijesinde, eziz Diýarymyzyň ykdysadyýeti beýik ösüşlere eýe bolup, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da ýokarlandyrylýar.

Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hem energetika pudagydyr. Häzirki döwürde bu ulgamda giň möçberli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Elektrik energiýasyny öndürmek dünýäniň iň girdejili önümçilikleriniň biri hasaplanýar. Ata Watanymyz Türkmenistan bolsa energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýedir. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň energetika pudagynda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylyp, has-da döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle-de kämil tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn çäreler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän her bir işde halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky tagallalar bardyr.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar