Halk lukmançylygynyň aýrylmaz bölegi

1 Mart 2024
445

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän özgertmeler, ilatyň saglygyny goramaga berilýän uly üns giň gerimliligi bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen birlikde, ulgamy ösdürmegiň, saglygy goraýyş edaralaryny kämilleşdirmegiň, bar bolan tebigy serişdeleri amatly peýdalanmagyň netijesinde keselleriň öňüni alyş, anyklaýyş we bejeriş usullarynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Gadymyýetiň görnükli şahsyýeti Gippokrat: «Lukmançylyk, tebigatyň bejerijilik täsirine öýkünmek sungatydyr» diýip belläp geçýär. Lukmançylyk ylmynyň taryhynda görnükli orun eýelän Gündogaryň meşhur alymy Abu Aly ibn Sina hem şu pikiri wagyz edipdir. Onuň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly eseri diňe bir Gündogaryň däl, eýsem, Ýewropa sebitleriniň tebipleriniň hem ýankitabyna öwrülýär. Ibn Sina kitabynda 800-e golaý dermanlyk serişdeler we olary saklamagyň usullary hakynda ýazýar. Dermanlyk ösümlikleri öwrenmegiň taryhyna degişli maglumatlarda, esasan, gadymyýetde meşhur tebip hem-de alym bolan Abu Aly ibn Sinanyň, Abu Reýhan Birunynyň, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň, Muhammet Huseýniň we Jelaleddin Hydyryň nusgawy eserlerinde häzirki Türkmenistanyň çäklerinde ösýän dermanlyk ösümlikler barada berilýän maglumatlar has gymmatlydyr.

Leýli ÖWEZBERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar