Saglygy goraýyşda hyzmatdaşlygy ilerledip

28 Fewral 2024
562

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda esasy hyzmatdaşlarynyň biri-de Germaniýa Federatiw Respublikasydyr. Bu gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýe bolup, däp bolan hyzmatdaşlygyň netijesinde köpugurly öňegidişlikler gazanylýar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de GFR-iň Mýunhen şäherindäki Ýewropa çagalar ýürek merkeziniň arasynda doga ýürek kemisliklerini bejermek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň baglaşylmagy degişli ugurda özara bähbitli işleri amala aşyrmaga uly itergi berer.

Doga ýürek kemisliklerini bejermek boýunça hyzmatdaşlykda täze gözýetimleri açjak Ylalaşyga gol çekilmegi Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn tejribe alyşmak ýörelgesiniň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmäge, dünýä lukmançylyk tejribesinde gazanylan üstünlikleri milli lukmançylyga ornaşdyrmaga, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saglygy goraýyş edaralary bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilendir.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar