Saglygy goraýşyň ygtybarly binýady

26 Fewral 2024
570

Şöhratly taryhymyzdan orun alan 2023-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlarda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem giň gerimli işler amala aşyrylyp, möhüm ähmiýetli maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirildi. Bular barada Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hem aýratyn durlup geçildi.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän özgertmeleri bilen baglylykda, saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda nusgalyk işler alnyp barylýar. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi ýaly, geçen ýylyň dowamynda köp sanly dürli maksatly desgalar bilen birlikde, paýtagtymyzda üç sany täze merkeziň — 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, şeýle hem «Arçman» şypahanasynyň täze bejeriş merkeziniň gurluşygyna badalga berildi.

Maýa MYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kadaly fiziologiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory.
Beýleki habarlar