Jana melhem käkiligoty

20 Fewral 2024
828

Türkmen topragynyň dermanlyk ösümliklere örän baý tebigaty bar. Ir döwürlerde ata-babalarymyz tebigatdaky taýýar önümleri toplap, olardan diňe bir azyk, iýmit zerurlygy üçin däl, eýsem, dermanlyk, melhemlik maksady bilen hem peýdalanypdyrlar. Şu jähetden, ösümlik dünýäsini ilkinji «tebigy dermanhana» hasaplamagy ynsan ýaşaýşynyň özi öňe çykarypdyr diýsek ýalňyş bolmasa gerek. Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynda tebigatdaky ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri ylmy taýdan doly hem düşnükli açylyp görkezilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda dermanlyk häsiýeti bolan käkiligoty barada hem giňişleýin maglumat berilýär.

Melhemlik häsiýetine eýe bolan käkiligoty ynsan saglygyny berkitmekde, birnäçe dertdir sökellikleriň öňüni almakda, hatda bejermekde hem diýseň peýdaly ösümlikleriň biridir. Aýratyn hem, gyş paslynda ýüze çykýan möwsümleýin kesellerden goraýjylyk, antiseptiki häsiýeti agdyklyk edýändir. Ol, esasan, çaý görnüşinde demlenip içilýär, demlemesi agyz boşlugyny we bokurdagy çaýkamak üçin hem peýdalanylýar. Saglygy berkidiji, kesellerden goraýjy dermanlyk aýratynlyklary bolan bu ösümlik aşgazan, öýken we içege kesellerini bejermekde halk lukmançylygynda giňden ulanylýar. Ol üsgülewükde, dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda çaý görnüşinde içilýär.

Satlykmämmet KIÇIKHANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.
Beýleki habarlar