Maşklaryň saglyga täsiri

10 Fewral 2024
568

Adamyň saglygyny berkitmekde, fiziki ösüşinde, keselleriň öňüni almakda bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýeti uludyr. XX asyryň birinji ýarymyna çenli adamlaryň ýaşaýşynda fiziki iş uly orun tutýardy. Soňky döwürde tehnikanyň güýçli depgin bilen ösmegi we önümçiligiň mehanizasiýalaşdyrylmagy fiziki işjeňlige öz täsirini ýetirýär. Az hereket edilmegi (gipodinaniýa) netijesinde adam bedeninde dürli üýtgemeler bolup geçýär: ganaýlanyş peselýär, myşsa dartgynlylygynyň ýetmezçiligi ýüze çykýar.

Ulular bilen deňeşdireniňde çagalarda we ýetginjeklerde gipodinamiýa aňyň hem-de bedeniň ösüşinde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär.

Aýna NIÝAZMURADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň bejeriş bedenterbiýesi, saglygy dikeldiş we sport lukmançylygy kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar