Şugundyr — peýdaly iýmit

7 Fewral 2024
606

Ýurdumyzda köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýän gyzyl şugundyr tagamly we ýokumly önüm bolup, ter, gaýnadylan we buglanylan görnüşinde peýdalanylýar. Soňky döwürde alymlar şugundyryň biologiki işjeňlige hem-de saglygy berkitmekdäki we keselleriň öňüni almakdaky peýdaly taraplaryna has köp üns berýärler.

Şugundyr ýokumlaryň we minerallaryň köp görnüşini özünde jemleýär. Ýürek-damar we degna keselleriniň öňüni almakda ol möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Bu önümde demir, ýod, sink, kaliý, magniý, marganes, fosfor we mis ýaly mikroelementler köpdür. Şu aýratynlygy üçin şugundyr bedende maddalaryň alyş-çalşygyny gowulandyrmakda, ýürek-damar, gormonal ulgamlaryň sagdyn bolmagyny gazanmakda uly ähmiýete eýedir.

Janmyrat Öwilýagulyýew,
welaýat psihonewrologiýa hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary.
Beýleki habarlar