Saglyk — baş baýlyk

24 Ýanwar 2024
436

Saglyk — bu gözel tebigatymyzyň ynsana eçilen peşgeşidir. Saglygyny berkitmek her bir ynsanyň öz elinde. Muny üpjün etmek üçin her birimiziň hemişe hereketde bolmagymyz, dogry iýmitlenmäge, sport bilen meşgullanmaga endik etmegimiz zerurdyr. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadyryn bilgil, hasta bolmastan burun» diýşi ýaly, ynsan saglygyny goramak, onuň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, dolandyryş binalaryny, bilim we medeniýet edaralaryny, söwda-dynç alyş merkezlerini, seýilgähleri, öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş desgalaryny öz içine alýan döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň birinji tapgyry açylyp ulanylmaga berildi. Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy geljegimiz bolan ýaş nesilleriň saglygyny goramak we dikeltmek bilen bagly örän möhüm işleri alyp barýar.

Ýakup ÖWLÝÄGULYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar