Gyşyň güni kyrk tüýsli

24 Ýanwar 2024
641

Gyş paslynda howanyň sowamagy bilen möwsümleýin keselleriň ýüze çykmak ähtimallygy bolýar. Ýiti respirator ýokanç keseli sagdyn adama howa-damja ýollary arkaly geçýär. Howanyň duýdansyz üýtgäp durmagy, gyşda bedeniň goraglylygynyň peselmegi bu keseliň ýüze çykmagyna getirip biler. Kesel ýaş çagalarda we gartaşan adamlarda has agyr geçýär. Onuň ilkinji alamatlary ýüze çykan halatynda haýal etmän, lukmana ýüz tutmak zerurdyr. Keseliň öňüni almakda bedeniň taplanmagyna uly ähmiýet berilýär. Bedeni çagalykdan taplap başlamak gerek. Şonuň üçin çagalary mümkin boldugyça, arassa howada köpräk gezdirmeli, olar bilen fiziki maşklary yzygiderli geçirip durmaly.

Gyş paslynda bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak gerek. Witaminlere we ýokumly maddalara baý bolan ir-iýmişleri, gök-bakja önümlerini kabul etmeklige üns berilmegi zerurdyr. Düzüminde C witaminini saklaýan pyrtykal, limon, kiwi, şeýle-de käşir, kelem, şugundyr, sogan, sarymsak, gök otlar köpräk ulanylsa peýdalydyr. Şonuň ýaly-da, türkmeniň milli nahary bolan unaşy gyzyl burç goşup içmek, limonly çaý, ary baly garylan ýyly süýt we beýleki suwuklyklary, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary köp içmek maslahat berilýär. Gyş paslynyň howa ýagdaýyna görä geýinmelidir. Ýylyň sowuk wagtynda her gije-gündizde 3-4 gezek 15-20 minutlap otaglaryň howasyny täzelemeli. Arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, işjeň hereketde bolmak, dürli beden maşklaryny ýerine ýetirmek gerek.

Toýbibi Gulmämmedowa,
welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň baş lukmany.
Beýleki habarlar