Sagdyn durmuş — bagtyýarlygyň binýady

23 Ýanwar 2024
594

Adamyň saglygyny goramakda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti juda uludyr. Sport — adamlaryň saglygyny pugtalandyrmakda we jemgyýetiň medeniýetini ösdürmekde örän ähmiýetlidir. Maksada gönükdirilen bedenterbiýe, sport maşklary, milli sport oýunlary bilim-terbiýäniň düzüm bölegidir. Sport bilen meşgullanmak adamyň beden saglygynyň berkemegi bilen birlikde, ruhubelentligini artdyrýar, akyl zähmetiniň netijeliligine, pikirlenme ukubynyň artmagyna, ýatkeşligine, zehininiň taplanmagyna oňaýly täsir edýär. Ýaşlarda bedeniň ösüşiniň kämilleşmegine, kuwwatlanmagyna, berkemegine, fiziki görkezijileriniň ýokarlanmagyna, funksional ýagdaýlarynyň gowulanmagyna täsir edýär. Ýaşuly adamlarda saglygynyň dikelmegi üçin peýdaly bolup, döredijilik ukybyny artdyrýar, ýaşyň uzamagyna kömek edýär.

Bedeniň fiziki işjeňligini doly kadaly ýagdaýa getirmekde ertirki maşklary ýerine ýetirmek peýdalydyr. Adam ukuda wagty gan aýlanyşygy ýuwaşaýar, bedeniň alyş-çalyş işjeňligi durýar, akyl işjeňligi peselýär. Şonuň üçin-de, adam ukudan oýanan wagty biraz kadadan pes hereket edýär, işjeňligi peselýär. Maşk etmek ýürek myşsalaryny berkidýär, dem alyş ulgamynyň işini gowulandyrýar, bogunlaryň ýagdaýyny kadalaşdyrýar, olaryň geçirijiligini artdyrýar, tutuş bedeniň kamatyny dikeldýär, ünsi güýçlendirýär, beýniň işini işjeňleşdirýär, bedeniň çydamlylygyny ýokarlandyrýar. Ir bilen edilýän maşklar yzygiderli hem-de ýeňil, ýönekeý hereketlerden ybarat bolmalydyr. Maşka başlamazdan ozal bir bulgur arassa suw içmek maslahat berilýär. Maşklar ajöze, ertirlik edinmezden öň ýerine ýetirilmelidir, maşkdan 20 minut soňra ertirlik edinmek maslahat berilýär.

Gülnara ROZYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň assistenti.
Beýleki habarlar