Saglyk — baş baýlyk

23 Ýanwar 2024
618

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Täze saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar, bejeriş-dynç alyş öýleri gurulýar, dünýä lukmançylygynda gazanylýan tejribeler durmuşa ornaşdyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda berkarar döwletimiziň abraýy arşa galýar. Keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, keseli öz wagtynda ýüze çykarmak we bejermek, ilaty zerur bolan derman serişdeleri bilen üpjün etmek, ussat hünärmenleri taýýarlamak arkaly raýatlarymyzyň sagdyn bolmagyny gazanmak we olaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak saglygy goraýyş ulgamynyň esasy maksady bolup durýar.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda häzirki zaman kliniki, ylmy-kliniki merkezleriniň, saglyk öýleriniň täze binalary gurulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda asyrlara ýaň saljak beýik işler amala aşyrylýar. Geçen, 2023-nji ýylda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde birnäçe täze, döwrebap saglygy goraýyş edaralary gurlup, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilip, ulanmaga berildi we birnäçe desgalaryň bolsa gurluşygy dowam edýär.

Ýazsoltan GUTLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kliniki farmakologiýa we okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar