Tanslaryň täsiri

10 Ýanwar 2024
607

Tans oýnamak, saza kybap hereket etmek saglygy goramagyň, bedeni berkitmegiň ygtybarly usullarynyň biridir. Daşary ýurtly bilermenleriň belleýişleri ýaly, tansyň islendik görnüşi adamyň degna, ýürek-gan damar ulgamlarynyň işini kadalaşdyrýar, oňurganyň gyşarmagynyň öňüni alýar, öýkeniň işleýşini sazlaýar. Şeýle-de adamyň aň hem beden ösüşine, keýpiçaglygyna, şähdaçyklygyna oňyn täsir edýär. Geň ýeri, tanslaryň saglygy berkidiji täsiri betenterbiýe maşklaryna garanda has güýçlüdir.

Tans edilende, 1 sagatda 750 kkala çenli beden güýji sarp edilýär. Meselem, çalasyn hereketli tansy ýerine ýetirýäniň sagadyň dowamynda sarp edýän güýji alpinistiň daga dyrmaşýan ýa-da boksçynyň bäsdeşi bilen güýç synanyşýan pursadyndakysy bilen deňdir.

Gülbahar AKYÝEWA,
welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany, ilkinji zenanlar guramasynyň agzasy.
Beýleki habarlar