Sagdyn durmuş ýörelgesi berkidilýär

9 Ýanwar 2024
639

Ýakynda Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Köýtendag etrap geňeşi bilen bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 39-njy orta mekdepde «Saglygym — baş baýlygym» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar» diýen sözlerinden ugur alyp geçirilen duşuşyga bilim ulgamynyň işgärleri hem-de şäher saglyk öýüniň lukmanlary gatnaşdy.

Bu ýerde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, maddy enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berýändigini, bu ugurda umumadamzat ähmiýetli işleri amala aşyrýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen dermanlyk ösümliklerden taýýarlanýan melhemlik çaýlarynyň adam saglygyna peýdasy barada giňişleýin gürrüň edildi.

Rynat HUDAÝBERDIÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Köýtendag etrap geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar