Botulizmden ägä boluň!

29 Dekabr 2023
739

Botulizm — kesel döredýän toksiniň bedene düşmegi bilen ýüze çykýan, agyr geçýän ýokanç keseldir. Ol öý şertlerinde, gyşa taýýarlanýan gök önümleriň, miweleriň gaplanyş usullary dogry berjaý edilmedik ýagdaýynda ýüze çykýar. Iýmit önümleri taýýarlanylanda, hökman arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Konserwirlenen bankalaryň gapyrjaklary çişen ýa-da reňki üýtgän bolsa, onda olary ulanmakdan saklanmaly.

Gaplanan önümleri bir möwsümden köp saklamak maslahat berilmeýär. Saglygymyzy goramak öz elimizde. Ýyl aşan konserwirlenen iýmitleri iýmekden saklanmaly. Iýmit taýýarlanylýan ýeri hemişe arassa bolmaly. Aşhana gaplary, gazanlar, jamlar arassa ýerde, tämiz tekjelerde saklanmalydyr. Gap-gaç süpürilýän süpürgiçleri her gün ýuwup, Güne serip guratmalydyr. Jamlary we aşhana gaplaryny iýmit iýlen badyna ýuwup, gap-guradyjylara örmelidir. Iýmit önümleri näbelli şertlerde taýýarlanylan ýagdaýynda, gelip çykyşy näbelli bolan halatynda satyn almakdan, şeýle hem, söwda etmäge rugsat berilmedik ýerlerden iýmit önümlerini satyn almakdan saklanmalydyr.

Dursun GÜLSARYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 1-nji saglyk öýüniň kardiorewmatolog lukmany.
Beýleki habarlar