Ömürleriň zynaty

27 Dekabr 2023
614

Asyrlaryň jümmüşinde halkymyz diňe bir ahalteke bedewleri, gazma dutary, nepis halysy bilen däl, eýsem, tebipçilik ylmy bilen hem taryhda uly yz goýan halkdyr. Gadym döwürlerde-de beýleki ylymlar bilen bir hatarda, tebipçilik ylmy hem ösüpdir. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Lukmançylyk ylmyny düýpli özgerden — dünýä ylmynda Awisenna ady bilen tanalan pelsepeçi alym, tanymal lukman Ibn Sina, döwrüniň «Ilkinji Gippokraty» hasaplanan Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Muhammet Gaýmaz Türkmen ýaly görnükli ýüzlerçe türkmen alymlarymyz dünýä ylmynyň ýiti şuglaly ýyldyzlarydyr» diýip belleýär.

Gündogaryň beýik alymy Abu Aly Ibn Sina filosofiýa, lukmançylyk, astronomiýa, matematika ylymlaryny yzygiderli öwrenýär. Lukman Hekim akyl zähmeti bilen iş salyşýan adamlara wagtly-wagtynda beden terbiýesiniň maşklary bilen meşgullanmagyň zerurdygyny sargyt edipdir. Alym psihiki we nerw kesellerini bejermekde, çagalary okatmakda we terbiýelemekde beden terbiýesiniň ähmiýetli serişde bolup hyzmat edýändigini belläpdir. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanda sagdyn durmuşy döretmek sport bilen utgaşykly ýola goýlandyr. Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek we ähli ýaşdakylaryň abadançylygyna ýardam bermek meselesine aýratyn uly üns berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýä giňişliginde sportuň dürli ugurlarynyň ýaýbaňlanýan ýurdy hökmünde mynasyp orun eýeleýär we bu babatda paýtagtymyz halkara sport durmuşynyň, abraýly ýaryşlarynyň geçirilýän iri merkezine öwrülýär.

Zybagözel AMANOWA,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gan keselleri bölüminiň lukmany.
Beýleki habarlar