Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde zähmet çekýän ýaşlaryň 2023-nji ýylda halkara derejesinde gazanan sport üstünlikleri

24 Dekabr 2023
574

Uly üstünliklere, ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem tamamlanyp barýar. Ahyrlap barýan ýylda ata Watanymyzyň ýeten şöhratly menzillerine guwanyp, başymyzdan geçiren buýsançly pursatlarymyza nazar salsak, 2023-nji ýylyň ömrümize onýyllyklara barabar many çaýandygyny duýmak bolýar.

Ýaşlara we ýaşlyga bagyşlanylyp, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylda gazanylan üstünliklerde ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň mynasyp paýy bar. Bu babatda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düzüminde zähmet çekýän ildeşlerimiz hem özleriniň aýratyn goşantlaryny goşdular. Olaryň aglabasynyň ýaşlardygy bolsa has-da buýsandyryjydyr. Ministrligiň düzümindäki edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar ylmy, döredijilik gözlegleri, önjeýli we tutanýerli zähmetleri, halkara sport ýaryşlaryndaky üstünlikli çykyşlary bilen özlerini görkezmegi başardylar. Gazanylan şeýle sport üstünlikleri ýaşlaryň işden boş wagtlaryny hem manyly geçirýändiklerine, olaryň sagdyn we berk bedenli bolmak üçin yzygiderli türgenleşýändiklerine güwä geçýär. Hususan-da, ýurdumyzda bedenterbiýe we ýokary derejeli sport bilen meşgullanmaga döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düzümindäki edara-kärhanalaryň işgärleriniň birnäçesi sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarda ýurdumyzyň abraýyny mynasyp gorap, hormat münberinden orun almagy başardylar. Gazetiň şu sanynda okyjylary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolmagy başaran şol türgenleriň birnäçesi bilen tanyşdyrmagy makul bildik.

Sahypany taýýarlan: Mätgurban Mätgurbanow,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar