«Nebitçiniň» ynamly ýeňşi

27 Dekabr 2023
434

Ýurdumyzyň futbol boýunça milli çempionatynyň 26-njy tapgyrynda Mary welaýatynyň Türkmenbaşy şäherçesiniň «Energetik» toparyny kabul eden Balkanabadyň «Nebitçisi» möwsümi bürünç medal bilen jemlemek maksadyna ýetmek üçin ýene bir aýgytly ädimi ätdi. 47-nji minutda Magtymberdi Berenowyň, 75-nji minutda Elýas Akyýewiň geçiren gollary balkanabatlylary möwsümdäki 12-nji ýeňşine ýetirdi.

Şu tapgyrda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» bilen «Ahal» toparynyň arasynda geçirilmeli oýnuň möhleti üýtgedildi. 25-nji tapgyryň möhleti üýtgedilen duşuşygynda bolsa «Şagadam» paýtagtymyzyň «Altyn Asyryny» kabul etdi we bu oýunda myhmanlardan 48-nji, 95-nji minutlarda Wahyt Orazsähedow, ýer eýelerinden 57-nji minutda Yhlas Magtymow tapawutlandylar.

Aşyr BERDIÝEW.
Beýleki habarlar