Türkmen halkynyň “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” ÝUNESKO-nyň sanawynda

13 Dekabr 2023
544

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir şanly wakasy taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmen halkynyň milli mirasynyň ajaýyp medeni gymmatlyklaryndan biri bolan “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky hoş habar kalbymyza buýsanç bolup doldy. Bu çözgüt ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasan şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi. Ýakynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mejlisler zalynda bu waka mynasybetli hoşallyk maslahatynyň geçirilmegi kalbymyzy buýsançdan doldurdy.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýar. Bu ýörelge Watanymyzyň döwlet syýasatynyň we daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Geçen ýyllaryň dowamynda dünýä möçberli taryhy we medeni ähmiýeti bolan desgalary öz içine alýan ýurdumyzyň çäginde bar bolan ajaýyp ýadygärlikler, türkmen halkynyň sungatynyň dürli görnüşleri we edebi mirasy ÝUNESKO-nyň sanawlaryna girizildi.

Beýleki habarlar