Saglyk — baş baýlyk

10 Dekabr 2023
768

Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine laýyk getirmek boýunça giň göwrümli işlere, şol sanda döwrebap özgertmelere badalga berildi. Saglygy goraýyş ulgamyny we şypahana-bejeriş düzümini yzygiderli kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde durýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere laýyklykda häzirki zaman döwrebap we ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary gurmak bilen, saglygy dikeltmegiň hili gowulandyryldy. Lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek babatynda uly ösüşler gazanyldy.

Ýurdumyzda ilatyň saglygyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak hem-de raýatlarymyzyň saglygyny goramak babatda ähli mümkinçilikler döredilendir. Innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamy döredildi.

Wepa KLYÇEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar