Gymmatly gollanma

1 Dekabr 2023
623

Türkmen halky saglygyny baş baýlygyna, iň uly gymmatlygyna deňeýär. Asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ata-babalarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgeleri häzirki wagtda-da mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şunda bejeriji dermanlaryň, melhemleriň tebigy bolmagyna has-da ähmiýet berilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabyna aýratyn orun degişlidir. Kitabyň 15-nji tomunyň elimize gelip gowuşmagy lukmançylyk ylmy boýunça öňden gelýän gymmatly gollanmalaryň mynasyp dowamydyr.

Bu ylmy işde türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa barada söhbet açylýar. Ýerli dermanlyk otlaryň birnäçe görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň we miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby milli lukmançylygymyzy ösdürmek bilen, pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini jemleýän kämil nusgadyr. Kitapda dermanlyk ösümlikler barada ylmy nukdaýnazara esaslanýan maglumatlar berilýär.

Hanjar NURGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi serhetçiler hassahanasynyň lukmany, lukmançylyk gullugynyň leýtenanty.
Beýleki habarlar