Miweleriň peýdasy

30 Noýabr 2023
654

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde  nygtaýşy ýaly, ir-iýmişdir miweler bedeni ýaşaýyş üçin derwaýys, peýdaly maddalar bilen üpjün edýär, ony kuwwatlandyrýar, işdäňi açýar, ganazlygyň, azgazan-içege ulgamynyň näsazlyklarynyň, sowuklama keselleriniň öňüni almaga ýardam edýär. Ir-iýmişdir miwelerde witaminler, minerallar beýleki önümlerdäkä garanyňda köpdür. Ir-iýmişdir miweler kletçatkalaryň hem çeşmesidir. Kletçatkalaryň bolsa iýmitiň siňmegini ýeňilleşdirip, aşgazan-içege ulgamynyň işine itergi berýändigi, deriniň, saçlaryň, dyrnaklaryň ýagdaýyna oňyn täsir edýändigi bellidir.

Üzümiň dermanlyk häsiýeti gadymy döwürlerden bäri mälimdir. Onuň düzüminde glýukoza, fruktoza, saharoza ýaly uglewodlar, organiki turşular, pektinler bar. Ondan başga-da, kaliý, kalsiý, natriý, magniý, demir, mikroelementler, B, C, P, PP witaminleri, fermentler saklanýar. Başga-da üzümiň örän güýçli antiseptik täsiri bolup, ol ganazlykda, ýürek-damar kesellerini, dem alyş ýollarynyň sowuklamasyny, bogun agyrysyny bejermäge mümkinçilik berýär. Peşew ýollarynda, böwrekde daşlaryň emele gelmeginiň öňüni alýar. Üzüm arterial gan basyşy kadalaşdyrmakda hem peýdalydyr.

Ogulsona BEKOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar