Bulary bilmek gyzykly

28 Noýabr 2023
1127

Täsin bina

Dünýäde täsin görnüşi bilen ünsüňi özüne çekýän desgalar soňlukda syýahatçylaryň iň gelim-gidimli ýerlerine öwrülýär. Ýaponiýanyň Osaka şäherindäki 16 gatdan ybarat ymarat hem göreni haýrana goýýar. Çünki bu binanyň edil 4-nji bilen 8-nji gatlarynyň arasyndan parran böwsüp geçýän uly şaýol bar. Şol sebäpli lift dördünji gata gelip, soňra göni sekizinji gata galýar. «Gate Tower Building» diýlip atlandyrylýan bu bina 1992-nji ýylda açylýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Baýramgeldi GYLYJOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar