«Ýyly suw» — melhemler mekany

16 Noýabr 2023
567

Ajaýyp zamanamyzda Garaşsyz Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrüldi. Bu babatda Diýarymyzyň çar künjeginde gurlan we durky täzelenen şypahanalaryň orny uludyr. Şeýle melhemler ojaklarynyň biri-de «Ýyly suw» şypahanasydyr.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň günortasynda, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän «Ýyly suw» şypahanasynyň täsin gyzgyn suwunyň eşreti ençeme ýyl bäri halk arasynda meşhur bolup gelen hem bolsa, bu ýerdäki iň bir häzirki zaman şertleriň döredilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen baglanyşyklydyr. Onuň 80 orunlyk binasy 2009-njy ýylda, 200 orunlyk täze binasy bolsa 2011-nji ýylda ulanylmaga berildi.

Şöhrat AGAÝEW,
«Ýyly suw» şypahanasynyň baş lukmanynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.
Beýleki habarlar