Güler ýüzli, süýji sözli

15 Noýabr 2023
599

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny dikeltmekde, goramakda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ak ýektaýly lukmanlary halkymyzyň saglygy ugrunda arman-ýadaman, gijäni gündiz edip zähmet çekip, ildeşlerimiziň alkyşlaryna mynasyp bolýarlar. Şeýle alkyşlara mynasyp ynsanlaryň biri hem ýarym asyrdan gowrak halkymyzyň, obamyzyň adamlarynyň saglygy ugrunda aladalanýan eli ýeňil lukman Ojar Öwezgeldiýewdir.

O.Öwezgeldiýew 1954-nji ýylda şu obada dogulýar. Ol 1969-njy ýylda obamyzda ýerleşýän şol wagtky 8 ýyllyk mekdebi tamamlap, welaýatymyzyň Mary şäherinde ýerleşýän ýörite orta okuw lukmançylyk mekdebinde bilimini ýokarlandyrýar we öz obamyzdaky hassahanada işe başlaýar. Onuň ilkinji halypasy şol hassahananyň baş lukmany ýeňil elli lukman Kakabaý Ereşowdyr:

Beýleki habarlar