Tebigy dermanhana

15 Noýabr 2023
661

Keýpiçaglyk, şähdaçyklyk sagdyn ýaşamagyň esasy açarlarynyň biri. Ýaşaýşynyň bagtyýarlygy adamyň saglyk ýagdaýyna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Ýagdaýlaryň tersine bolmagy bolsa dartgynlylygyň ýüze çykmagyna getirýär. Dartgynly ýagdaýlarda, elbetde, ilkinji zeper degna ulgamyna ýetýär.

Adatça, degna dartgynlylygynda relaksiýa, psihoterapiýa, fizioterapiýa ýaly bejeriş usullary we derman serişdeleri ulanylýar. Ýöne şeýle dermanlar köp mukdarda we dowamly kabul edilende, olara garaşlylyk döreýär. Bulardan başga-da degna dartgynlylygynyň öňüni almakda sintetiki dermanlara derek tebigy ösümliklerden taýýarlanylan melhemlikleri peýdalanmak has maksada laýykdyr. Çünki bu melhemlikleriň himiki usullar arkaly alynýan serişdelerden artykmaçlygynyň köpdügi, ýaramsyz täsiriniň ýokdugy olaryň aýratynlygydyr.

Nursoltan AKMYRADOWA,
«Farap» şypahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar