«7/24. tm» № 47 (182) 13.11.2023
Käbir ir-iýmiş bilen baglanyşykly gürrüň edilende, «Ajy bolsa-da, keşdiň çekmese-de, dermandygy üçin iýmeli bolaýýar» diýen ýaly sözlere az duşýan däldiris. Nar bilen baglanyşyklylykda bu pikiri düýbünden tersine aýtmaly bolsa gerek. Sebäbi lowurdap duran gülgüne reňki bilen göreniňden işdäňi açýan naryň tagamy-da diýseň üýtgeşik. Onuň saglyk üçin peýdasyny, düzümindäki ýokumlaryny bolsa «sanasaň sogaby bar» diýleni.