Ynsan başynyň täji

25 Oktýabr 2023
541

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda il saglygy, ýurt abadançylygy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Ata-babalarymyz «Saglyk — baýlyk», «Saglygym — begligim», «Baýlygyň sakasy — saglyk» ýaly ençeme nakyllary döredipdirler. Ýurdumyzda halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan baý durmuş tejribesine daýanylyp, ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim, beden taýdan ösüşinde ýokary terbiýäniň, döwrebap bilimleriň berilmegi, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin hukuk, durmuş-ykdysady şertleri döretmäge, sagdyn durmuş ýaşaýşyny kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin sporty ösdürmäge we ýaşlar syýasatyna esasy orun degişlidir. Şonuň üçinem, ilatyň giň gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça işler dowam etdiriler» diýip, örän jaýdar belläp geçýär.

Akyldarlaryň birinden «Saglygyň gadyryny bir jümle bilen beýan etmeli bolsa, nähili beýan ederdiňiz?» diýip sorapdyrlar. Şonda ol, birsalym oýa batypdyr-da: «Sagdynlaryň ählisiniň depesinde täç bar, emma ol diňe näsaglara görner» diýip jogap beripdir. Hut şu nukdaýnazardan halkymyzyň saglygy, nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy hakyndaky aladalar döwlet syýasatynyň özeninde möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Şeýle işleriň çäklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimizde pugta ornaşdyrmak, ýaramaz endiklere garşy yzygiderli göreş alyp barmak boýunça ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalary tarapyndan halk köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär.

Mahym SELIMOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar