Kada-düzgünler — ömrüň bezegi

25 Oktýabr 2023
529

Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk kadalaryny we düzgünlerini berk berjaý etmegi unutmaň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwup, hemişe arassa saklamaly. Daşary çykanyňyzda antiseptik serişdeleri elleriňize sepmegi endige öwürmeli. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Iýmitiňiziň arassa bolmagyny üpjün ediň! Munuň üçin azyk önümlerini saklamagyň kadalaryny pugta berjaý etmeli. Penjireleri säher bilen açyp, otaglary ýelejiredip durmagy unutmaň!

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomluk ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, içip durmaly. Limonly, ary baly garylan gyzgyn çaýy yzygiderli içmeli. Gök önümleri we miweleri iýeniňizde, arassaçylyk, saklanyş düzgünlerini ünsden düşürmeli däl. Sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak, açyk howada pyýada ýöremek saglygyň girewidir.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Beýleki habarlar