Lukmanyň maslahaty

12 Oktýabr 2023
837

Ýiti respirator keseli pasyllaryň çalyşýan möwsüminde has-da ýygylaşýar. Kesel dörediji wiruslar howa arkaly ýokuşyp, tiz ýaýraýar. Kesel, esasan, ýokarky dem alyş ýollarynda bolup geçýär.

Ýiti respirator keselleri asgyrma, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, bokurdak agyry, burun dykylmasy, üsgürmek, ysgynsyzlyk, kellagyry, sesi gyrylmak ýaly alamatlar bilen başlanýar. Maşgala agzalarynyň birinde şu alamatlar ýüze çykanda, näsaga ýyly suwuklygy — limon, itburun, çopantelpek demlemelerini, miwe we gök önümlerden taýýarlanylan şireleri köp içirmeli. Bu içgiler bedeni ýokumlar bilen baýlaşdyryp, kesele garşy göreşijilik ukybyny pugtalandyrýar. Gök önümlerden taýýarlanan işdäaçarlary, dürli tagamlary iýmeli. Burny, bokurdagy çala duzly suw we çopantelpekden taýýarlanan ergin bilen çaýkap durmaly.

Aýgül GARAMÄMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 9-njy saglyk öýüniň lukmany.
Beýleki habarlar