Saglygy goraýyş, bilim we sport — ösüşiň gözbaşy

10 Oktýabr 2023
659

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady.

Her ýyl geçirilmegi indi däbe öwrülen, bu maslahat Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp üç günläp dowam edýär. Sergide ýurduň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda gazanylanlary görkezilýär.

«Diýar».
Beýleki habarlar