Ýöriteleşdirilen halkara forum — netijeli hyzmatdaşlygyň meýdançasy

10 Oktýabr 2023
560

Şu gün — 10-njy oktýabrda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi, şeýle hem onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu çäre lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga ýardam berýän iň iri we abraýly forumlaryň biridir.

Ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri gatnaşdy.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar