Sagdynlyk durmuşyň gözbaşydyr

6 Oktýabr 2023
743

Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary bilen ýurdumyzda «II saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde yglan edilen adam saglygyny goramak babatda giň möçberli işler alnyp barylýar. Ilatyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde ýurdumyzda uly ösüşler gazanyldy.

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýşi ýaly, ynsan saglygyny goramak, saglygyň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Saglyk her bir adamyň iň uly baýlygydyr. Adamlaryň saglygyny goramak bolsa döwletimiziň baş aladasydyr. Çünki her bir adam hakyndaky alada, bu tutuş jemgyýet hakyndaky aladadyr. Şundan ugur alnyp, halkymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny etmek, raýatlarymyzyň ömür dowamlylygyny uzaltmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Annamuhammet SARJAÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar