Halkymyzyň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy

4 Oktýabr 2023
669

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli Diýarymyzda adamzadyň iň gymmatly baýlygy hasaplanylýan ynsan saglygyny goramak we ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Türkmenistanda sagdynlygy hem-de abadançylygy üpjün etmek, adamlaryň, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi bilen ata Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen bagly ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem-de paýtagtymyzda häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän hassahanalardyr ylmy-kliniki merkezler, ýokary amatlyklary özünde jemleýän şypahanalar gurlup, ulanylmaga berildi. Geçirilýän özgertmelere laýyklykda paýtagtymyz Aşgabatda gojaman Köpetdagy etekläp oturan ajaýyp lukmançylyk şäherçeleri bolan Halkara saglyk merkezleri, hassahanalar yzygiderli gurlup, halkymyza ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlary ýola goýulýar.

Gülzada HAÝTYÝEWA,
Saýat etrap hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary.
Beýleki habarlar