«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023
«Saglyk» Döwlet maksatnamasy öz gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa ornaşdyran adyl syýasatyndan alyp gaýdyp, onuň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegini, oňa ählumumy elýeterliligi şertlendirýär. Bu bolsa ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny berkitmäge, ömür dowamlylygyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär.