Güýzde sagdyn bolalyň!

21 Sentýabr 2023
620

Her bir paslyň öz aýratynlyklaryna laýyklykda, dogry iýmitlenmeli we dogry geýinmeli. Güýzüň salkyn günlerinde adamlar limonly, itburunly, bally çaýa has köp isleg bildirýärler. Dürli miweleriň şirelerini içmek, kädi, şugundyr, käşir, kelem, noýba, badat ýaly ýokumly önümleri iýmek örän peýdalydyr.

Güýz paslynda möwsüme görä ýyly egin-eşikleri geýmeli. Ylaýta-da, bedeniň çyga has duýgur agzasy bolan aýaklary ýyly saklamaly. Güýz aýakgaplaryny hem dogry saýlamaly.

Tawus SAPAROWA,
Aşgabat şäherindäki 15-nji saglyk öýüniň lukmany.
Beýleki habarlar